Message of Imam Khamenei on 2020 Hajj pilgrimage, in TURKMEN Message of Imam Khamenei on 2020 Hajj pilgrimage, in TURKMEN Message of Imam Khamenei on 2020 Hajj pilgrimage, in TURKMEN بعثه مقام معظم رهبری در گپ بعثه مقام معظم رهبری در سروش بعثه مقام معظم رهبری در بله
Message of Imam Khamenei on 2020 Hajj pilgrimage, in TURKMEN Message of Imam Khamenei on 2020 Hajj pilgrimage, in TURKMEN Message of Imam Khamenei on 2020 Hajj pilgrimage, in TURKMEN Message of Imam Khamenei on 2020 Hajj pilgrimage, in TURKMEN Message of Imam Khamenei on 2020 Hajj pilgrimage, in TURKMEN

Message of Imam Khamenei on 2020 Hajj pilgrimage, in TURKMEN

Message of Imam Khamenei on 2020 Hajj pilgrimage, in TURKMEN

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň häzirki ýagdaýlarynda we jynsparazlyga garşy hereketde biziň berk pozisiýamyz halky goldamak we şol ýurduň jynsparaz hökümetiniň zalym hereketini ýazgarmakdyr diýdiler.


Aýatolla Hameneýi haj mynasybetli eden ýüzlenmesinde Amerikanyň köçelerine göz aýlamak, amerika döwletiniň öz halky bilen boluşy, bu ýurtdaky synp aralygynyň çuň deresi, bu ýurdy dolandyrmak üçin saýlananlaryň nadanlygy we samsyklygy, içindäki aýylganç jyns taýdan kemsitme, wezipesiniň başyndaky ofiseriň jenaýatçy däl adamy wagşylyk bilen Köçede we geçip barýanlaryň öňünde gynap öldürmegi, Günbatar siwilizasiýasynyň ahlak we jemgyýetçilik krizisiniň çuňlugyny, syýasy we ykdysady pelsepesiniň ýoýulmagyny we nädogrydygyny görkezýär diýip beýan etdiler.


Amerikanyň gowşak ýurtlara bolan çemeleşmesi, goragsyz garaýagyz adamyň boýnuna dyzyny basyp, ony gysyp öldüren polisiýanyň özüni alyp barşynyň giňeldilen görnüşidir diýip Yslam Ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysy sözüne goşdylar.


ol hezretleri sözüniň dowamynda Hajyň, korrupsiýanyň, sütemiň, ejizligiň, adam öldürmegiň we talaňçylygyň merkezi bolan ezijilere garşy güýç türgenleşigidir, we häzirki wagtda yslam ymmatynyň bedeni we jany olaryň sütemleri we betniýetlilikleri sebäpli gynalyp, gan boýalandyr diýip nygtadylar.


ol hezretleri şeýle-de ABŞ-nyň Günbatar Aziýada bolmagyny bu sebitiň halklaryna zyýanly hasaplaýarys we ýurtlaryň durnuksyzlygyna, ýok edilmegine we yza galmagyna sebäp bilýäris diýip sözlerine goşdylar.


Aýatolla Hameneýi Hezretleri, yslam ymmatynyň Amerika we sionist režimine garşy agzybirligini, şeýle hem "ezilen Palestina kömek etmegiň" hemde "Yemeniň ýaralanan bedenine rehimdarlyk we dünýäniň dürli künjeklerindäki ezilen musulmanlaryň aladasynyň edilmeginiň zerurdygyny aýtmak bilen Käbir yslam ýurtlarynyň ýolbaşçylary, musulman doganyna bil baglamagyň deregine, duşmanyň gujagyna sygynýarlar we näçe günlik şahsy bähbitleri üçin duşmanyň kemsidilmegine we mejbur edilmegine çydaýarlar we bu kemsidiji hereketden gaça durmak üçin öz milletiniň mertebesini we garaşsyzlygyny arzan satuwa çykarýarlar diýip beýan etdiler. Aýatolla Hameneýi Hezretleri olara bu hilik hereketlerden gaça durmaklygy maslahat berdiler.


Yslam ynkylabyň ýokary lideri Yslam Eýranyň ösüşlerine yşarat edip Bu döwrüň iň uly garakçysy we dönük şeýtany bolan Amerikan režimi bizi gorkuzyp ýada aldap bilmedi, hemde maddy we ruhy ösüşimizi saklap bilmedi diýip nygtap geçdiler.


............................................


End/ 257


| شناسه مطلب: 101771







نظرات کاربران